Alymlar gök çaýdan rak keseline garşy güýçli gorag jisimini tapdylar

Alymlar gök çaýdan rak keseline garşy güýçli gorag jisimini tapdylar

Alymlar gök çaýyň düzüminde soňlugy bilen rak öýjüklerini ýok etmäge ukyply bolan üýtgäp durýan maddany tapmagy başardylar. Ýagny, gürrüň gök çaýyň ýapraklarynda köp bolan güýçli antioksidant epigallokatehin gallaty (EGCG) barada gidýär. Ol özboluşly häsiýetleri üçin “gen goragçysy” diýlip atlandyrylýan p53 belogynyň rak keseline garşy işjeňligini güýçlendirip bilýär diýip, TASS habar berýär.

Adam organizminde p53 molekulalary rak keseline garşy belli bir funksiýalary ýerine ýetirýär: DNK-ny dikeltmek üçin öýjükleriň ösüşini togtatmak, DNK-nyň dikelişini işjeňleşdirmek we DNK-nyň zeperini dikeldip bolmadyk ýagdaýynda öýjükleriň öz-özüni ýok etmegine sebäp bolmak. Ýöne, adamda çiş ýagdaýlarynyň 50%-den gowragynda p53 belogynyň mutasiýasy ýüze çykarylýar. Şol sebäpli rak keseli himioterapiýa has gowy garşylyk görkezýär diýen çaklamalar hem bar.

Käbir ýagdaýlarda p53 geni üýtgemän galýar, ýöne DNK-nyň beýleki böleklerinde mutasiýa sebäpli onuň işjeňligi azalýar.Mysal üçin, MDM2 geni sagdyn öýjükleri tötänleýin ölümden gorap, p53 belogynyň “artykmaç” molekulalaryny bitaraplaşdyrýar. Şonuň üçin alymlar p53-iň rak keseline garşy funksiýalaryny gaýtadan işjeňleşdirmegiň we rak öýjükleriniň öz-özüni ýok etmegi üçin beýleki genleri basyp ýatyrmagyň ýoluny gözleýärler.

Täze barlagda professor Çunýuý Wanyň topary (Rensseller politehnika instituty, ABŞ) EGCG bilen p53-iň arasyndaky özara täsiriň belogy mutasiýadan goraýandygyny we onuň rak keseline garşy ukybyny ýokarlandyrýandygyny anykladylar.Geljekde bu açyşyň EGCG-meňzeş birleşmeleri bolan çişler üçin düýpgöter täze dermanlary taýýarlamaga kömek etmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Britan alymlary ýeralmanyň DNK-syny redaktirleýärler
Adamyň DNK-synda dinozawrlar döwrüniň wirusy tapyldy
Aziz Sanjar Rak Keseli Boýunça Ylmy Barlaglaryny Türkiýede Dowam Etdirer
“Science” žurnaly 2021-nji ýylyň iň möhüm ylmy açyşlaryny sanap geçdi
Time Ýylyň gahrymanlaryny atlandyrdy
Britan alymlary rak keselini ir ýüze çykarmak boýunça barlag geçirip başlady