Aziz Sanjar Rak Keseli Boýunça Ylmy Barlaglaryny Türkiýede Dowam Etdirer

Aziz Sanjar Rak Keseli Boýunça Ylmy Barlaglaryny Türkiýede Dowam Etdirer

Milli bilim ministrliginiň çakylygyna laýyklykda Aziz Sanjar Bilim şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ABŞ-dan paýtagt Ankara gelen Sanjar, lymy-barlaglary hakynda beýannama berdi.

Aziz Sanjar täze barlagy hakynda maglumat berip; “Türkiýä gelmezden bir gün ozal täze açyş etdik. Ol ylmy, başlangyç ylmy-barlag usulyýeti. Ýagny rak keselini bejermez, emma biziň üçin alym hökmünde iňňän tolgundyryjy waka” diýdi.

Ylmy-barlagynyň rak keseliniň bejergisine goşjak goşandy hakynda beýannama beren Sanjar; “Rak keseliniň bejergisinde ähli zatdan peýdalanmak mümkin. Bu barlag DNK-nyň bejergisi bilen bagly we täze bir usulyýet. Ony men Türkiýä bir ýylyň dowamynda getirip bilerin” diýdi.

Sanjar, geçiren barlagynyň makalasy çap edilmändigi üçin, giňişleýin maglumat bermegiň nädogry boljakdygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Britan alymlary ýeralmanyň DNK-syny redaktirleýärler
Adamyň DNK-synda dinozawrlar döwrüniň wirusy tapyldy
“Science” žurnaly 2021-nji ýylyň iň möhüm ylmy açyşlaryny sanap geçdi
Time Ýylyň gahrymanlaryny atlandyrdy
Britan alymlary rak keselini ir ýüze çykarmak boýunça barlag geçirip başlady
Genetikler 6 ýylda momonty dikeltmegi meýilleşdirýärler