Alymlar körler üçin akylly hasa döretdiler

Alymlar körler üçin akylly hasa döretdiler

Stenford uniwersitetiniň inženerleri görşi kadaly bolan adamlaryň, şeýle hem körleriň pyýada ýöreýiş tizligini ýokarlandyrýan hem-de nawigasiýany gowulandyrýan akylly hasa oýlap tapdylar. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Akylly hasa “Augmented Cane” diýlip atlandyryldy. Ol adaty hasadan, esasan, iki zady bilen tapawutlanýar. Enjam ulanyjynyň daş-töweregi barada maglumat ýygnaýan kamera ýaly dürli datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de, onda GPS we LIDAR datçikleri hem bar. LIDAR datçikleri obýektiň hasadan näderejede uzakdygyny ölçemäge kömek edýär.

Mundan başga-da, hasanyň aşaky ujunda adamyň ýöreýiş tizligini sazlamaga kömek edýän tigirçek bar. Ol adama haçan we nirä ýüzlenmelidigine düşünmäge mümkinçilik berýär. Umuman, enjam nätanyş ýerlerde arkaýyn gezmäge kömek edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk gezelençlerini döretmegi teklip edýär, Türkmenhowaýollary agentliginiň mekdebinde hünärmenleriň gutardyş dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
Magtymgulynyň edebi mirasy gymmatly hazyna
Tanymal türkmen 'YouTube' blogçysy Farhat Durdýew Stambulda tussag edildi
Garabagda ermeni ýaragly toparlar ýolagçy uçarlary nyşana alýarlar
Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda taksi çagyrmak hyzmaty işe girizildi
Keniýanyň goraghanasynydaky žiraflaryň 25-sine GPS nawigator dakyldy
Žiraflara GPS nawigator dakyldy