Alymlar Merkezi Aziýada howanyň ýagdaýynyň agyrlaşýandygyny aýtdylar

Alymlar Merkezi Aziýada howanyň ýagdaýynyň agyrlaşýandygyny aýtdylar

Günorta Koreýadan, Ýaponiýadan, ABŞ-dan we Hytaýdan klimatologlar Merkezi Aziýada howanyň aşa gyzmagynyň soňky 20 ýylda hasam güýçlenendigini aýtdylar.Olaryň bellemegine görä, sebitde howanyň ýagdaýy eýýäm gaýtaryp bolmajak derejä ýetdi we ekoulgamda weýrançylykly üýtgeşmeler bolup geçýär.

Bu haýwanlaryň käbir görnüşleriniň ýok bolmagyna getirip biler.Halkara derejeli hünärmenler toparynyň bu babatda geçiren gözlegleriniň netijesi “Science” žurnalynda çap edildi diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Barlagçylar howanyň adam işjeňligi sebäpli üýtgeýändigini bellediler.Netijede, Aziýanyň merkezi sebitiniň ekologik ulgamyna-da şu täsir edýär.Alymlaryň pikiriçe, munuň agyr netijelere getirmegi hem mümkin.Alymlar soňky 260 ýylda hwoýa agajynyň ýaş halkalarynyň maglumatlaryny seljermek bilen, ýylylyk tolkunlaryny yzarlamagy, topragyň çyglylygy barada maglumat almagy başardylar.

Netijede, soňky ýyllarda ýylylyk tolkunlarynyň has giň ýaýrandygyny anykladylar.Gözleg işiniň awtordaşlaryndan biri Delian Çen "Eurekalert" neşirine ýylylyk tolkunlarynyň toprakda suwuň ep-esli ýitmegine sebäp bolýandygyny aýtdy. Çygly toprakdaky buglar howany sowadýar, ýöne çyglylyk ýok bolsa, ýylylyk howa geçýär.

Alymlar Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginiň dünýäniň klimaty bilen baglanyşykly beýleki atmosfera hadysalaryna getirip biljekdigini duýdurýarlar.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýanyň Prezidenti heläkçilige uçran uçardan çagalary halas etmek boýunça çärä gatnaşanlary sylaglady
Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
2024-nji ýyl taryhda iň yssy bolup biler
Meksikada maýýa imperiýasynyň döwrüne degişli ýitirilen şäher tapyldy
Ýitirilen şäher tapyldy
Alymlar adamlaryň ümsümligiň sesini eşidýändiklerini subut etdiler