Amerikaly Mişra taryhda iň ýaş grossmeýster boldy

Amerikaly Mişra taryhda iň ýaş grossmeýster boldy

Amerikaly Abhimanýu Mişra taryhda iň ýaş grossmeýster boldy. Bu barada Halkara küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär.

Ol bu ady 12 ýaş 4 aý we 25 günlükde aldy.Ol Budapeştde geçirilen ýaryşda bu ady almak üçin Hindistandan grossmeýster Lýuk Mendonsy ýeňip, jemleýji düzgüni ýerine ýetirdi.

Mişradan öň iň ýaş grossmeýster russiýaly Sergeý Karýakindi, ol bu ady 12 ýaş 7 aýlykda aldy. 2016-njy ýylda Sergeý Karýakin dünýäniň küşt täji üçin ýaryşa gatnaşmak bilen, norwegiýaly Magnus Karlsenden utuldy.

Grossmeýster bolmak üçin küşt oýunçysy 2500 utukdan gowrak ELO reýtingine eýe bolmaly, şeýle-de dürli ýurtlardan oýunçylara, şol sanda grossmeýster adyna eýe bolanlara garşy professional oýunlarda zerur düzgünleri ýerine ýetirmeli.

Ýene degişli makalalar

Putin Grossi Bilen Duşuşdy
Hatibzadeh: Eýran, Saud Arabystanynyň gepleşikleri dowam etdirmek baradaky çynlakaý erkine garaşýar
Ykbalyny teatr sungatyna bagyşlan ynsan
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň sözlerine we hasabatyna Eýranyň beren jogaby
Grossi Eýranyň IAEA-a 60% baýlaşdyrmagyny habar berendigini mälim etdi
Şu möwsümdäki 5-nji tälimçisi