Amerikan gubernatorynyň ganhorynyň azatlyga goýberilmegi ähtimal

Amerikan gubernatorynyň ganhorynyň azatlyga goýberilmegi ähtimal

Senator Robert Kennediniň ganhory 53 ýyl tussaglykdan soňra azatlyga goýberilip bilner.

Euronews-yň habaryna görä, ýörite toparyň wekilleri tussag Sirhan Sirhanyň indi jemgyýet üçin howp salyp bilmejekdigini tassykladylar. Gutarnykly karar topar tarapyndan 90 günüň dowamynda kabul ediler. Soňra ol Kaliforniýa ştatynyň gubernatoryna garamak üçin berler. Gubernator Gawin Newsom komissiýanyň kararyny tassyklamaly ýa-da ret etmeli bolar.

Sirhan Sirhanyň 1968-nji ýylyň 5-nji iýunynda Los Anjelesde senator Robert Kennedini atyp öldürendigini ýatladýarys. Euronews.com-yň habaryna görä, tussag muny Kennediniň ABŞ-nyň harby uçarlaryny Ysraýyla ibermegini goldaýandygy üçin ar almak üçin edipdir.

Ýene degişli makalalar

Tramp wezipelere belledi
Floridanyň uçuş merkezine geldiler
“SpaceX” ikinji gezek astronawt uçurdy
SpaceX Halkara kosmos stansiýasyna garynjalary, awokadony we roboty iberdi
Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
Ak Tamda 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek pişik mesgen tutdy