Amir Abdollahian: Eýran bilen Mali tehnologiýa geçirmek we goranyş hyzmatdaşlygy barada ylalaşdylar

Amir Abdollahian: Eýran bilen Mali tehnologiýa geçirmek we goranyş hyzmatdaşlygy barada ylalaşdylar

Eýranyň Daşary işler ministri: Bilime esaslanýan kompaniýalaryň işi, Mali ýurdunda parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga kömek etmek üçin tehnologiýa geçirmek we goranyş hyzmatdaşlygy babatynda bu ýurduň ýolbaşçylary bilen ylalaşyk gazanyldy diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amirabdollahian Mali saparynyň ahyrynda we Tanzaniýa gitmezinden ozal Günbatar Afrikada siwilizasiýa kökleri we gadymy ýurt bolan Mali bilen Eýranyň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän gatnaşyklara yşarat edip bu ýurt, Eýran Yslam Respublikasy bilen iki ugurda, esasanam oba hojalygy we maldarçylyk boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin örän oňat ugurlara eýedirdir diýdi.

Amir Abdollahian şeýle-de Maliň Daşary işler ministri we bu ýurduň geçiş hökümetiniň başlygy bilen bu ýurtda parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga kömek etmek üçin bilimlere esaslanýan kompaniýalaryň işi, tehnologiýa geçirmek, goranyş hyzmatdaşlygy ýaly dürli ugurlarda çäre görmek barada ylalaşdyk diýip sözüne goşdy.

Mali saparynyň ahyrynda, Eýranyň daşary işler ministri çarşenbe güni öýlän Tanzaniýa gitdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistandaky täze ilçisini belledi
28 Ýurduň Raýatlary Eýrana Wizasyz Syýahat Eder
Tanzaniýada ulag heläkçiligi başdan geçirildi
Keniýada Ýeriň Süýşmegi Sebäpli 5 Adam Ýitdi
Türkiýäniň Afrika Ýurtlary Bilen Edýän Gatnaşyklary Pugtalanýar
Owgan wekiliýeti Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihansynda duşuşyk geçirdi
Aşgabatda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi