Amurdan Hytaýa köpriniň gurluşygy tamamlandy

Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky ilkinji demir ýol köprüsi ýakyn günlerde açylmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Uzak Gündogar federal sebitindäki doly ygtyýarly wekili Ýuriý Trutnew mälim etdi.

Amur derýasy arkaly Nižneleninsk-Tunszýan köprüsiniň rus böleginiň gurluşygy ýewreý awtonom sebitinde tamamlandy.

-Bu Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň gündogarda ulag geçelgelerini ösdürmek maksady bilen amala aşyrýan uly işleriniň bir bölegidir.Häzirki wagtda Russiýa gündogara tarap ýüzüni öwürýär.Hytaý we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň beýleki ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryň ösmegi, bu sebitde durnuklylyk we parahatçylyk üçin esas döretmäge mümkinçilik berýär diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Uzak Gündogar federal sebitindäki doly ygtyýarly wekili Ýuriý Trutnew aýtdy.

Onuň bellemegine görä, Hytaý häzirki wagtda öz tarapyndaky dezinfeksiýa desgasynyň gurluşygyny tamamlandan soň, bu köpri arkaly serhetaşa gatnawy ýola goýlar.

Şeýle-de Russiýa bilen Hytaý üç ýyl mundan ozal gurlan Blagoweşenk-Heýhe ýol köprüsiniň birleşdirilmegini meýilleşdirilýär. Bu köpri antikowid çäklendirmeleri sebäpli birnäçe gezek yza süýşürilipdi. Üstünlikli işe girizilen halatynda iki taslama Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky sebitleriniň ösmegine täze itergi berer.

Geçen ýyllarda işe girizilen gaz geçirijisi “Sibiriň güýji” Russiýa üçin täze alternatiwa bolup biler. Ýakutiýadan Hytaýa barýan gaz geçirijisi 10 milliard kub metrden gowrak ýangyjy eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň sowuk şäheri
Russiýada 56 dereje sowuk hasaba alyndy
Türkmenistan Ýakutiýada geçirilen etnik moda festiwalyna gatnaşdy
Aziýanyň çagalary tamamlandy
Ýakut kinosy girdejilerini artdyrdy
Bizi bagyşla!