Angliýanyň “Premier Ligasy” “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda

Futbol boýunça Angliýanyň “Premier Ligasynyň” täze möwsüminiň duşuşyklary “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziler. Möwsümiň ilkinji tapgyrynyň duşuşyklarynyň deň ýarysy futbol muşdaklarynyň dykgatyna ýetiriler. Duşuşyklar 5-6-7-nji awgustda oýnalar.

Hepdäniň anna güni, 5-nji awgustda “Kristal Palas” bilen “Arsenalyň” arasyndaky duşuşyk (00:00) möwsümiň ilkinji duşuşygy bolar. Şenbe güni wise-çempion Londonda täzeden “Premier Liga” dolanan “Fulham” bilen duşuşar (16:30). Şol gün Londonda oýnaljak ýene bir oýunda “Tottenham” öz meýdançasynda “Southemptony” kabul eder (19:00).

Ýekşenbe güni hem 2 duşuşyk ýaýlyma berler. Mançester şäheriniň wekilleriniň duşuşygynda ilki “Ýunaýted” meýdança çykar. Täze tälimçisi Erik Ten Hagyň ýolbaşçylygynda “Mançester Ýunaýted öz meýdançasynda “Braýton” bilen duşuşar (18:00). Tapgyry çempion “Mançester Siti” jemlär. Tapgyryň merkezi oýnunda “West Ham” bilen “Mançester Siti” duşuşar (20:30).

Bulardan başga-da täze möwsümine başlanjak Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň 2-siniň hem käbir duşuşyklary futbol janköýerleriniň dykgatyna ýetiriler. “Bundesligada” tapgyryň esasy oýnunda “Borussiýa Dortmund” bilen “Baýer”, Fransiýada-da çempion PSŽ myhmançylykda “Klermon” bilen güýç bilen synanyşar.

Şeýle-de, geljek hepdede başlanjak “Serie A”-nyň hem-de “La Liganyň” duşuşyklary hem “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkezilmegini dowam eder.

“Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar:

5-nji awgust (anna): “Kristal Palas” “Arsenal” (00:00)

6-njy awgust (şenbe): “Fulham” “Liwerpul” (16:30)

6-njy awgust (şenbe): “Tottenham” “Southempton” (19:00)

6-njy awgust (şenbe): “Borussiýa D” “Baýer” (21:30)

6-njy awgust (şenbe): “Klermon” PSŽ (00:00)

7-nji awgust (ýekşenbe): “Hibernian” “Harts” (16:00)

7-nji awgust (ýekşenbe): “Mançester Ýunaýted” “Braýton” (18:00)

7-nji awgust (ýekşenbe): “West Ham” “Mançester Siti” (20:30)

Ýene degişli makalalar

92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun
“Tottenham” 1-nji orunda, “M. Siti” toparyndaky pese gaçyşlyk dowam edýär Angliýanyň 9-njy tapgyry
Angliýanyň “Premier Ligasynda” 10 günde 30 duşuşyk oýnalar
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
“Liwerpul” içini sowatdy