Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.Bu sport çäresi 2026-njy ýylyň şygryna Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gurnaldy.

Bäsleşige Arkadag futbol klubynyň janköýerler toparynyň agzalary we Türkiýede bilim alýan türkmen talyp ýaşlary gatnaşdy.Bu sport çäresi, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer we sport ulgamyndaky gatnaşyklarynyň berkemegine hem-de talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine ýene-de bir möhüm ädim boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar, sport çäresiniň dowamynda diňe bir ýokary derejeli sport ukyplaryny däl, eýsem toparçylyk ruhuny hem görkezdiler.Bäsleşik jemleýji duşuşyk bilen tamamlanyp, oňa gatnaşan tomaşaçylarda täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda, ähli gatnaşyjylara Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Arkadag futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkiýäniň Agry dagynyň depesine galdyryldy
Somaliniň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar
THF: Türk prokuraturasy türkmen aktiwistleriniň ýitirim bolan gününe degişli wideolar bilen üpjün edilmedi
Erdogan Ştaýnmaýere sebitdäki uruşlaryň Ýewropany ejizledýändigini aýtdy