Apple 2025-nji ýyla çenli iPhone önümçiliginiň 25%-ini Hindistana geçirer

Apple 2025-nji ýyla çenli iPhone önümçiliginiň 25%-ini Hindistana geçirer

Apple kompaniýasy Hytaýa garaşlylygyny azaltmak üçin Hindistanda we Wýetnamda käbir gurluşlaryň önümçiligini giňeldýär. Bu Hindistanyň paýtagty Nýu-Deliniň ýurdy önümçilik merkezine öwürmek meýilnamalaryna laýyk gelýär diýip, incrussia.ru belleýär. Deňeşdirmek üçin: häzir iPhone smartfonlaryny Hytaýdaky 350 müňe garşy Hindistanda 20 müň operator ýygnaýar.

Apple 2023-nji ýyla çenli global iPhone önümçiliginiň 5%-ini Hindistana geçirer. 2025-nji ýyla çenli bolsa ýurtda ähli bazarlar üçin iPhone-yň 25%-i öndüriler. 2025-nji ýyla çenli Wýetnam iPad önümçiliginiň 20%-ini, MacBook bilen Apple Watch-yň 5%-ini we AirPods-yň 65%-ini alar.

Amerikan kompaniýasynyň Hindistanyň bazaryndaky paýy heniz kiçi.Iki ýyl mundan ozal Apple Hindistanda programmalar dükanyny açdy we ilkinji fiziki nokady işe girizmegiň üstünde işläp başlady. Öň, ýurda iPhone-yň könelişen modelleri iberilýärdi, ýöne 2022-nji ýylda Apple täze smartfonlary iberdi.

Hindistanda Samsung, Xiaomi, Oppo, Vivo we OnePlus gurluşlary-da ýygnalýar.Google hem Pixel smartfonlarynyň önümçiliginiň bir bölegini Hindistana geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
AnTuTu iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini täzeledi