Apple düwmesiz ilkinji iPhone-y döredip biler

Apple düwmesiz ilkinji iPhone-y döredip biler

Apple amerikan korporasiýasy ýitýän düwmeli täze iPhone smartfonuny döredip biler. Bu barada “Appleinsider” neşiri ýazýar. Onda ABŞ-nyň patent we haryt bellikleri boýunça edarasynyň saýtynda fiziki düwmeleri bolmadyk gajetleri döretmek baradaky talaplygyň bardygy habar berilýär diýip, csn-tv.ru belleýär.

Apple inženerleri düwmeleriň deregine ýanaşma täsirlenýän we diňe zerur bolan ýagdaýynda peýda bolýan dolandyryş üçin ýörite sensor üsti teklip edýärler.Täze tehnologiýa “ýitýän düwmeler” diýlip atlandyryldy.Hünärmenleriň aýtmagyna görä, şeýle dolandyryş elementiniň ýüze çykmak zerurlygy gurluşlardaky, aýratynam smartfonlardaky fiziki düwmeleriň eýýäm köne element bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Mundan başga-da, şeýle düwmeler gajetden çykyp, onuň bitewiligini bozýar.Fiziki düwmeler sensor paneli bilen deňeşdirilende, döwülmäge hem ýakyndyr.Döwrebap daşky görnüşden başga-da, gurluş kämilleşdirilen funksiýa hem eýe bolar diýip, işläp düzüjiler çaklaýarlar. Ýöne esasy kynçylyk häzirlikçe geljekki ulanyjylara sensor düwmäniň nirede ýerleşýändigini düşündirmek bolup durýar.

Netijede, gurluşyň eýesi ol ýa-da beýleki dolandyryş elementiniň ýerleşýän ýerini duýgurlyk bilen tapmagy öwrener.

Ýene degişli makalalar

Samsung smartfonlaryna bütin dünýäde isleg azalýar
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Apple temperaturany ölçeýän we eşidişi barlaýan gulaklyklary öndürer
Geljek ýyl satyp başlar
Maglumat boşlugyndaky durmuş. Internetiň petiklenmegi dowam edýär
Apple Hindistanda zawod gurar
Belgiýanyň Challenge Airlines awiakompaniýasy Aşgabatda gonup geçmek bilen ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady, Türkmen mekdep okuwçylary TURKSOÝ bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldylar we beýleki habarlar