Apple howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin 200 million dollarlyk gazna döretdi

Apple howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin 200 million dollarlyk gazna döretdi

Apple penşenbe güni oba hojalyk taslamalaryna maýa goýmak üçin niýetlenilen 200 million dollarlyk gaznany döredendigini mälim etdi. Gaznanyň maksady atmosferadan uglerody aýyrmaga kömek etmek we öz maýadarlary üçin maliýe girdejilerini gazanmak bolup durýar. Bu barada cursorinfo.co.il habar berýär.

Dikeldiş gaznasy uglerodyň ýok edilmegine we agaç önümçiligine gönükdirilen tokaýçylyga maýa goýar.Munda esasy maksat her ýyl 1 million metrik tonna kömürturşy gazyny atmosferadan aýyrmakdan ybaratdyr diýip, "Engadget" neşiri ýazýar.

Geçen ýyl Apple howanyň üýtgemegine täsirini aradan aýyrjakdygyny we 2030-njy ýyla çenli ugleroddan azat bolmak isleýändigini aýdypdy.Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli üpjünçilik zynjyryndan we önümlerinden çykýan zyňyndylaryň 75 göterimini gönüden-göni ýok etjekdigini we Dikeldiş gaznasynyň beýleki meselelerini çözmäge kömek etjekdigini aýdýar.

Apple gaznany dolandyrmaly Conservation International guramasy we Goldman Sachs topary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

“Altyn globus” baýragynyň ýeňijileri mälim edildi
Dünýäniň iň gurply 10 ýurdunyň ýedisi Ýewropa ýurtlarydyr
Ýewropa ýurtlary öňde barýar
Apple ABŞ-da 500 milliard dollarlyk tilsimat boýunça maýa goýar
Tehnologiýa kompaniýalary energiýa maýa goýýar
Bazar bahasy 4 trillion dollar
ÝDÖB türkmen hususyýetçileri üçin işgärleri dolandyrmak boýunça okuw sapaklaryny guraýar