“Apple”-iň we “Samsung”-yň iň gymmat smartfonlarynyň berkligi deňeşdirildi

“Apple”-iň we “Samsung”-yň iň gymmat smartfonlarynyň berkligi deňeşdirildi

EverythingApplePro YouTube kanalynyň awtorlary “Apple”-iň we “Samsung”-yň smartfonlarynyň flagman modellerini - “iPhone 12 Pro Max”-y we “Galaxy S21 Ultra”-ny deňeşdirip gördüler. Hünärmenler smartfonlaryň korpusynyň näderejede berkdigi bilen gyzyklandylar. Synagyň netijelerini ru.sm.news habar berdi.

Gadjetler üçin ilkinji synag dürli belentliklerden gaçmak boldy.Belentlik biliň derejesinden başlap, jaýlaryň ortaça beýiklikli potologynyň derejesine çenli ýetdi.Ilkinji gaçmada enjamlaryň ikisi-de çydamlylyk görkezdi.Soňky synanyşyklarda ilkinji bolup "almaly" markanyň telefony "ejizläp" başlady.

Synagyň netijesinde, “iPhone 12 Pro Max”-yň yzky paneli, beýlekiniň bolsa ekrany döwüldi. Ýöne bellemeli zat - tejribäniň awtorlary enjamlaryň gaçyş burçunyň takyklygyny yzarlamadylar. Şeýle-de bolsa, olaryň synaglary Gorilla Glass Victus aýnasynyň näderejede çydamlydygyny kesgitlemäge kömek eder.

Ýene degişli makalalar

Samsung Galaxy S22 täze Gorilla Glass Victus+ gorag aýnasy bilen üpjün ediler
CIET 2025: Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen resminamalara gol çekdi
Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy
Türkmen wekiliýeti Brýusselde birnäçe duşuşyk geçirdi
Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi