Apple iOS 16-nyň täze beta-wersiýasyny çykardy

Apple iOS 16-nyň täze beta-wersiýasyny çykardy

Apple iOS 16-nyň bäşinji beta-wersiýasynda iPhone-nyň zarýadynyň göterim sanyny batareýasynyň belgisine gaýtaryp getirdi. Bu barada The Verge portaly habar berýär.

Ilkibaşdan köne iPhone-larda göterimler belginiň çep tarapynda ýerleşýärdi.Emma iPhone X modelden başlap, Apple bu praktikadan ýüz öwürmegi karar etdi — onsuzam kese kesikden ýaňa ekranyň ýüzünde ýer azdy.

Smartfonyň zarýadynyň näçe azalandygyny bilmek üçin Dolandyryş nokadyna girmeli bolýardy başga çäre ýok.iOS 16-nyň çykmagy bilen bu mesele çözüler — göterimler batareýanyň täzelenen belgisi bilen gaýdyp gelerler.

The Verge-niň habar bermegine görä, operasion ulgamyň täze wersiýasynyň beta-testeri bilen bu funksiýany Akkumulýator bölüminde aýratyn işletmeli bolar. Şol bir wagtda iPhone XR-de, iPhone 11-de, iPhone 12 mini-de we iPhone 13 mini-de bu funksiýa elýeter däldir.

Megerem, iOS 16-nyň ählumumy görkezilişine çenli bu düzedilse gerek.Apple operasion ulgamynyň täze wersiýasy bolan iOS 16 iPhone-nyň eýelerine 2022-nji ýylyň sentýabrynda gowşar.

Ýene degişli makalalar

Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Apple satuwlar boýunça ilkinji gezek Samsungdan öňe geçdi
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Samsung smartfonlaryna bütin dünýäde isleg azalýar
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy