“Apple” täze önümlerini tanyşdyrýar

Tehnologiýa ägirdi “Apple” şu gün täze önümlerini tanyşdyrar.Aşgabat wagty bilen 220.00-da başlanjak tanyşdyrylyş dabarasynda “iPad” modellerine has köp üns berilmegine garaşylýar.

Dabarada “iPhone”-laryň programmasy bolan “iOS 14.5” barada hem maglumat berler.Bu programma geljekki “Apple” enjamlarynda ulanylar.Ine, “Apple Spring” atly dabarada bolmagyna garaşylýan täzelikler:

Bilermenleriň bellemeklerine görä, dabarada täze “iPad” modelleri, arzan bahaly “AirPods” bilen bir hatarda “Apple Pencil” we “AirTags” modelleri görkeziler.

“iMac” we “akylly” äýnek bilen bagly täzeliklere hem garaşylýar.

Agşamky dabarada 2 sany “iPad” bir sany “iPad Mini” modeli görkeziler.

Ekran ululygy üýtgeýär

“iPad” modeliniň ekran ölçegi tapawutly bolan iki görnüşi bolar. Şeýlelikde, “iPad Pro”-nyň 12,9 hem-de 11 dýuýmlyk görnüşleri bolar.

“iPad Mini” modeliniň ekrany birneme ulalypdyr. Mundan ozal 7,9 dýuýmlyk ekrany bolan mini modeliniň täze nusgasynyň ululygynyň 8,4 dýuým bolmagyna garaşylýar.

Şeýlelikde dabarada 3 sany täze “iPad” tanyşdyrylar. Has kuwwatly bolan täze “iPad”-lerde “Apple”-iň öz çipleri oturdylypdyr.

Kompaniýa “Apple Pencil”-iň (galam) üçünji neslini hem köpçülige görkezer.

Dabarada “Apple TV”-niň hem-de onuň uzakdan dolandyrýan enjamynyň hem tanyşdyrylyşynyň bolmagyna garaşylýar. Uzakdan dolandyryjy enjamda “Find My” ýagny “meni tap” aýratynlygy bolar. Bu aýratynlyk öýlerde köp gabat gelýän “Telewizoryň pulduny kim aldy? sowalynyň berilmegini aradan aýrar.

The post “Apple” täze önümlerini tanyşdyrýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Apple temperaturany ölçeýän we eşidişi barlaýan gulaklyklary öndürer
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy
Samsung smartfonlaryna bütin dünýäde isleg azalýar
“Apple” kompaniýasy “Vision Pro” garniturasy bilen tanyşdyrdy
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Apple-iň maslahaty onlaýn geçiriler