Arassa energiýa täze iş orunlaryny döreder

Halkara energiýa agentliginiň täzelenen Nol Emissiýa 2050

atly çaklamasyna görä, arassa energiýa pudagy 2030-njy ýyla çenli 30 million täze iş ornuny döreder.Gazylyp alynýan energiýa serişdeleri pudagynda bolsa, 13 milliona golaý iş orny ýitip biler.

Agentligiň iş orny bilen bagly bu maglumatlar sebitler we tehnologik ösüşler göz öňünde tutulyp taýýarlanypdyr.Bellenilişine görä, global energiýa pudagynda iş orunlarynyň sany geçen ýyl 2019-njy ýyldakydan 3,5 million köp bolup, 67 milliona ýetipdir.

Bu döwürde arassa energiýa pudagyndaky iş bilen üpjünçilik 4,7 million artyp, 35 milliona çykypdyr. Gazylyp alynýan energiýa pudagynda bolsa, jemi

32 million töweregi iş orny bolup, bu görkeziji pandemiýadan ozalky sandan 1,3 million az bolupdyr.

Energiýa pudagynda Hytaý iş bilen üpjünçilikde öňdeligi eýeläp, ýurtda bu pudakda zähmet çekýänleriň sany 19,3 million bolupdyr. Bu ugurda ikinji orundaky Hindistanda 8,4 million adam energiýa pudagynda işleýär.

Sebitleýin babatda bolsa, Ýewropada 7,7 million, Demirgazyk Amerikada 7,1 million, Afrikada

4,3 million, Merkezi we Günorta Amerikada 4,2 million, Ýakyn Gündogarda 3,9 million, Ýewraziýada 2,9 million adam energiýa pudagynda işleýär. Gün energiýasy iň köp täze iş ornunyň döredilen ugry bolmagynda galýar.

Selbi MUHAMMETMYRADOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Tom Kruz Top Gan: Mewerik üçin 100 mln dollar alar. Beýleki aktýorlar näçe gazanýarkalar?
Şahruh Han kino dolanýar
Nol uglerodly ilkinji ýük ulagy
Kristofer Nolan atom bombasyny dörediji barada film surata düşürmekçi bolýar
Türkmenistanda alty aýyň içinde däri-dermanlaryň bahasy 26 göterim gymmatlady