Türkmenistanda alty aýyň içinde däri-dermanlaryň bahasy 26 göterim gymmatlady

Türkmenistanda alty aýyň içinde däri-dermanlaryň bahasy 26 göterim gymmatlady

“Türkmenistanyň Hronikasy” däri-dermanlaryň bahalaryny yzarlamagyny dowam edýär.

2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde däri-dermanlaryň bahasy 16 göterim, şu ýylyň alty aýynda bolsa, 26 göterim gymmatlady.

2020-nji ýylyň şu döwründe däri-dermanlar bary-ýogy 3 göterim gymmatlapdy.

Häzir dermanhanalaryň öňünde bir ýyl mundan owalkysy ýaly maska üçin nobatlar ýok.

Saglyk we matadan dikilen maskalar dermanhanalarda hem dükanlarda satuwda bar. Şonuň ýalyda, zyýansyzlandyryjylaryň gytçylygy hem ýok we olar hemme ýerde satylýar, seçip almaga köp zyýansyzlandyryjy bar.

Dürli edaralaryň, dükanlaryň , söwda merkezleriniň we salonlaryň gapysynda zyýansyzlandyryjylaryň dürli görnüşi goýulýar. Käbir edaralaryň girelgesinde bolsa, bir gezek ulanylýan maskalar hem bar.

Mundan owal girelgede müşterilere zyýansyzlandyryjy sepen işgärler diňe “Berkarar” söwda merkezinde bar.

Emma, häzir gartaşan adamlara juda seýrek ýagdaýda zyýansyzlandyryjy ulanmak teklip edilýär.

Şonuň ýalyda, häzir bazarlaryň girelgelerinde hem işgärler durýarlar we isleg bildirenleriň ellerine zyýansyzlandyryjy sepýärler. Emma, owallar bu hökman sepilerdi.

Şäherde bedeniň gyzgyny hiç ýerde ölçelmeýär.

Diňe Aşgabada girilýän merkezlerde käte gyzgyn ölçemekleri ähtimal we muny hem kontaktsyz gyzgyn ölçeýji bilen ýapyk penjiräniň aňyrsyndan edýärler.

Käte awtoulag ýuwaşja gidýär. Elinde gyzgyn ölçeýji abzaly bolan işgär penjiräniň aňyrsyndan gyzgyn ölçän bolýar we ulag geçip gidýär.

Şonuň ýalyda, otly merkezlerinde, otla münülende we howa menzillerde hem ilatyň gyzgyny ölçelýär.Ýöne, hassahana girişlerinde gyzgyn ölçelmeýär.

Şonuň ýalyda, Rak keselleri merkezinde, Gyzyl Haçda, Nyýazow adyndaky keselhanada we etrap hassahanalarynda hem gyzgyn ölçelmeýär. Diňe girişde eli zyýansyzlandyryjy sanitar durýar ýa-da isleg bildirenler üçin gapyda zyýansyzlandyryjy goýýarlar.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, bir ýyl mundan owal Rak keselleri merkezine maskasyz we eliňi zyýansyzlandyrmadan girmek gadagandy. Sanitar işgärleri bolsa, eli rezin ellikli, maskaly we ýüzi plastik örtgili durýardylar.

Maska geýmek hem gowşamady we ony hemmeler dakmaly. Emma, soňra agzyňdan aýyrmak mümkin. Hatda, adamlar oturgyçda otyrka hem maska geýmeli. Eger sürüji ulagyň içinde ýeke özi we penjire ýapyk bolanda hem maska dakmaly.

Polisiýa maskasyny agzyndan aýyranlara ýa-da eline dakanlara iýunyň ahyryndaky ýaly jerime salmaýarlar, diňe dakmagy soraýarlar.

Söwda merkezlerine ýa-da bazarlara baranlardan maska dakmagy soramaklary mümkin. Ýöne, binanyň içinde hiç kim maska gözegçilik etmeýär.

Geçen üç aýyň içinde där-dermanlaryň bahalarynyň üýtgeýişi barada aýdylanda, käbirleriniň nyrhlary şundan ybarat:

Dimedrolyň 10 sany çüýşejigi 100 göterim gymmatlap, 15 manatdan 30 manada çykdy,

Mildronatyň 10 sany çüýşejigi 72,2 göterim artyp, 180 manatdan 310 manada çykdy,

Lorkof şerbetiniň 100 mgy 53,3 göterim galyp, 45 manatdan 69 manada çykdy.

Geksoralyň 40 mgy 45,4 göterim gymmatlap, 99 manatdan 144 manada ýokarlandy.

Lidokainiň 10 çüýşejigi 40 göterim arzanlap , 25 manatdan 15 manada düşdi.

Nolpazanyň 40mg 28 tabletkasynyň bahasy üýtgemän, 117 manatlygyna galdy,

Sonuň ýalyda:

Medisina maskasy owalkysy ýaly 2 manat,

Matadan dikilen maska owalkysy ýaly 3 manat,

Zyýansyzlandyryjynyň 1 litri öňkisi ýaly 90 manat.The post Türkmenistanda alty aýyň içinde däri-dermanlaryň bahasy 26 göterim gymmatlady first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Hytaýa bardy
Tesla kompaniýasy Optimus atly adam sypatly robotyň wideosyny çap etdi
Ilon Maskyň kompaniýasy beýnä çip oturtmak üçin meýletinçileri gözleýär
Sosial Media Platformasy X Tölegli Bolarmy?
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi