Ilon Maskyň kompaniýasy beýnä çip oturtmak üçin meýletinçileri gözleýär

Ilon Maskyň kompaniýasy beýnä çip oturtmak üçin meýletinçileri gözleýär

Amerikaly işewür, milliarder Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy beýnä çip oturtmak üçin meýletinçileri gözleýändigini habar berdi. Kompaniýa ylmy-barlaglar üçin öz beýnisine çip oturtmaga razylyk berjek meýletinçileri toplamaga garaşsyz hünärmenler geňeşiniň rugsatnamasyny aldy diýip, Reuters habarlar gullugyna salgylanýan Informburo.kz ýazýar.

Ylmy synaglara oňurga ýiliginiň boýun bölegine şikes ýetip ysmaz bolan adamlar gatnaşdyrylyp, olar üçin kompýuteriň syçanjygyny we klawiaturasyny pikiriň güýji bilen dolandyrmaga mümkinçilik döretmekçi bolýarlar.

Munuň üçin robot hirurgiki ýol bilen beýniniň hereket ulgamyna jogap berýän bölegine ýörite enjam ornaşdyrar.

Mask şeýle hem öz kompaniýasynyň öňünde geljekde çipleri beýnä ornaşdyrmak arkaly çakdanaşa semizlik, autizm, göwnüçökgünlik we şizofreniýa ýaly hassalyklary bejermek maksadyny goýdy.

Ýene degişli makalalar

Beýnisine çip oturdylan adam pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrýar
Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy ilkinji gezek adam beýnisine implant girizdi
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Ilon Maskyň kakasy oglunyň terjimehalynyň galpdygyny aýtdy
Tesla kompaniýasy Optimus atly adam sypatly robotyň wideosyny çap etdi
Sosial Media Platformasy X Tölegli Bolarmy?