Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy ilkinji gezek adam beýnisine implant girizdi

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy ilkinji gezek adam beýnisine implant girizdi

Ilon Maskyň Neuralink neýrotehnologik kompaniýasy lukmançylyk ylmynda uly öňegidişligi amala aşyrdy. Kompaniýa 28-nji ýanwarda adam beýnisine implant girizmegi başardy. Operasiýa üstünlikli geçip, häzir müşderi hiç hili kynçylyk çekmezden özüne gelýär. Bu barada telekeçiniň sosial media ulgamyndaky sahypasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Neuralink kompaniýasynyň Telepathy diýlip atlandyrylýan ilkinji önümi adamlara kompýuterlere we telefonlara pikirleri bilen gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Ilki bilen, bu ulgam el-aýaklaryny hereketlendirmek ukybyndan mahrum bolan mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenendir.

Ilon Mask şeýle neýrointerfeýsleriň adama emeli aňa garşy durmaga ukyply kiborg bolmak üçin mümkinçilik döretjekdigine ynanýar. Şeýle hem, ol bu ulgamyň adamlara kompýuteri gönüden-göni pikirleri bilen dolandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirýär.

Ýene degişli makalalar

Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ilon Mask Hytaýa bardy
Ilon Maskyň kompaniýasy beýnä çip oturtmak üçin meýletinçileri gözleýär
Sosial Media Platformasy X Tölegli Bolarmy?
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi