Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç

2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda diýarymyzyň ösüşleri, Watanymyzyň şan-şöhraty, halkara abraýy türkmen halkynyň ýürek buýsanjyny has-da artdyrýar.Türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryndan ugur alýan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ahal sebitlerine mahsus bolan taryhy we medeni gymmatlyklaryny, geçmişden şu güne çenli ýeten sepgitlerini öwrenilýär we halka ýetirilýär.

Türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni we milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak hem-de wagyz etmek maksady bilen dowamly gurnalýan täsirli we gyzykly gezelençleriň, döwlet derejesinde geçirilýän gyzykly çäreleriň netijesinde gezelenje gelýänleriň sany günsaýyn artýar. Şu gün hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary muzeýe gezelenç etdiler we muzeýdäki taryhy we medeni gymmatlyklaryň özlerinde galdyran täsirleri dogrusynda teleýazgyda çykyş etdiler.

Arkadag şäherine göçüp gelen şäher ilatynyň ýaşaýjylaryndan hem birnäçesi muzeýiň ekspozisiýa bölümlerine uly gyzyklanma bilen aýlandylar.Muzeýiň Garaşsyzlyk, Etnografiýa, Taryh we arheologiýa, Sungat we Tebigat bölümleri şäher ýaşaýjylarynda uly täsirler galdyrdy.

Türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Gymmaty egsilmejek kitap
Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz
Taryhdan söz açýan medeni gymmatlyklar
Magtymguly Pyragynyň mirasynda tebigatyň waspy
Magtymguly dilleriniň senasy, Garaşsyz döwletim - Türkmen binasy
Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr atly ýatlama çäresi