Arkadag şäherinde Nagyşlara siňen gözellik atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Arkadag şäherinde Nagyşlara siňen gözellik atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda Nagyşlara siňen gözellik atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri keşdeçilik sungatynyň gelip çykyşyndan tä şu günlere çenli berlen ünsüň çäksizligi barada täsirli söhbetdeşlik geçirdiler.

Oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabyndan hünär barada aýdylanlar hakynda hem belläp geçdiler. ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl gymmatlyklarynyň sanawyna goşulan türkmen keşdeçilik sungaty barada, ene-mamalardan gelýän, şeýle hem halypa zenan Ogulgerek Berdimuhamedowanyň nusgalyk ýöl-ýörelgesi baradaky söhbetdeşlikler has-da täsirli boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arşyň nepisligi, Janly rowaýat, Enä tagzym — mukaddeslige tagzym, Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitaplary baradaky gürrüňler söhbetdeşligiň has-da gyzygyny artdyrdy diýlip, Turkmenportal-a berlen habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-Awstriýa jemgyýeti 16 ýyldan soň ilkinji gezek Aşgabatda mejlis geçirdi
19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
14-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal