ARKADAG ŞÄHERINE BARYP GÖRMEK WE ÖSÜŞINE BAHA BERMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ TEHNIKI MISSIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK

ARKADAG ŞÄHERINE BARYP GÖRMEK WE ÖSÜŞINE BAHA BERMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ TEHNIKI MISSIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň, Ahal welaýatynyň täze edara dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheriniň ösüşini görmek, gözden geçirmek we baha bermek boýunça BMG-nyň we onuň degişli düzümleriniň tehniki missiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, BMG hem-de onuň degişli düzümleriniň Arkadag şäherine gelip görmek we oňa baha bermek boýunça teklibi kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Tehniki missiýanyň agzalary “akylly şäher” konsepsiýasyna, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan we şäheriň dolandyrylmagyny üpjün edýän ýeke-täk ekosistemanyň döredilendigini, Arkdag şäheri bilen tanyşlygyň netijeli geçendigini kanagatlanma bilen bellediler.

BMG-niň tehniki missiýasynyň agzalary Arkadag şäherine ýokary baha berdiler hem-de bu döwrebap şähere girizilen desgalaryň dünýäniň häzirki zaman öňdebaryjy standartlaryna, hususan-da ekologiýa, howpsuzlyk hem-de tehnologiki öndürijiligine ýokary baha berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar tehniki missiýanyň barşynda öňde goýlan teklipleriň ýerine ýetirilmegi üçin ýol kartasynyň talaplaryny bermäge ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDI
TÜRKMEN MILLI SENETÇILIGINI ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI WE DÜNÝÄ TEJRIBESI
ASYRLARYŇ DOWAMYNDA IKI MUKADDES METJITLER, GOLÝAZMALARYŇ GÖZELLIGI WE OLARYŇ HAS SEÝREK DUŞ GELÝÄNLERI
NEBITÇI SAGALDYŞ WE DYNÇ ALYŞ MERKEZINDE GURNALAN KITAP SERGISI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
WENGRIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILER
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK