Arkadag şäheriniň bir ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi

Arkadag şäheriniň bir ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi

29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylanyna bir ýyl boldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Şol gün Arkadag şäherinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen ýaşaýjylar jaý toýuny tutdular. Bu barada TDH ýazýar.

Akylly öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär.

Günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşynyň taryhy ähmiýetini nygtadylar.

Forumyň dowamynda Asman jisimlerini öwrenýän Kosmos-Ýer jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine Arkadag diýip at goýandyklary baradaky hoş habar aýdyldy.

Dabara gatnaşyjylar ähli bilim işgärlerini, uniwersitetiň professor-mugallymlaryny hem-de talyplaryny bu ajaýyp waka bilen gutladylar, degişli güwänama gowşuryldy.

Agşam Arkadag Binasy baýramçylyk meýdançasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy.

Bu ýerde guralan dabaranyň edebi maksatnamasyna aýdymlar we joşgunly tanslar, artistleriň döredijilik toparlarynyň sungatyň dürli ugurlary boýunça ýerine ýetiren çykyşlary, milli sungatyň baý däplerini, özboluşly öwüşginini, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän döredijilik çykyşlary girizildi.

Tomaşaçylar Türkiýe Respublikasynyň sungat ussatlarynyň çykyşyny uly şowhun bilen garşyladylar. Olar meşhur estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Sözi we sazy türkmen halkynyň Milli Liderine degişli bolan Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan! atly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Ony dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmekleri sungat eseriniň ähmiýetini we täsirliligini artdyrdy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine Arkadagady goýuldy
1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
ARKADAG ÝYLDYZY
LOWURDAP NUR SAÇ SEN ARKADAG ÝYLDYZY