ARKADAG ÝYLDYZY

ARKADAG ÝYLDYZY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphananyň halypa kitaphanaçylarynyň asman jisimindäki Arkadag ýyldyzy barada söhbetdeşligi geçirildi.Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzdaky maglumatlary tanyşdyrmak maksady bilen, Asman jisimlerini öwrenýän Kosmos-Ýer jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine Arkadag diýip at goýulandygyny tassyklaýan güwänamany, şeýle hem teleskopy we onuň düşüren suratlaryny ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda öz ynsanperwer syýasaty bilen atlary dünýä dolan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Asman giňişliginde Gün energiýasyny ýygnar
LOWURDAP NUR SAÇ SEN ARKADAG ÝYLDYZY
Arkadag şäheriniň bir ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi
Asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine Arkadagady goýuldy
Arkadag ýyldyzy geljegiň çelgisi
1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti