Asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine Arkadagady goýuldy

Asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine Arkadagady goýuldy

Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde şäheriň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli baýramçylyk maslahaty geçirildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi.

Baýramçylyk maslahatynyň barşynda hoş habaryň gelip gowşandygy barada aýdyldy.Asman jisimlerini öwrenýän Kosmos-Ýer jemgyýetiniň alymlary Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan guwanjyň we buýsanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine Arkadag diýip at goýdular.

Bellenilişi ýaly, türkmenistanlylary ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, asman jisimine Arkadag adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamany, şeýle-de teleskopy we onuň düşüren suratlaryny Türkmenistanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak barada çözgüt kabul edildi.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ähli bilim işgärlerini we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyplaryny bu ajaýyp waka bilen gutladylar. Soňra agzalan güwänama, şeýle-de teleskop we onuň düşüren suratlary ýokary okuw mekdebine gowşuryldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýene degişli makalalar

1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
ARKADAG ÝYLDYZY
LOWURDAP NUR SAÇ SEN ARKADAG ÝYLDYZY
Arkadag ýyldyzy geljegiň çelgisi
Asman giňişliginde Gün energiýasyny ýygnar
Arkadag şäheriniň bir ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi