Arkadaga açyk hat (Okyjylaryň döredijiliginden)

Tutulýanlar kim, Arkadag?Gutulýanlar kim, Arkadag?Ownuklarmy, irilermi,Kim berýär höküm, Arkadag?

Kim çekdi öň bu plany,Çyn ýerne goýup ýalany,Kim dowam edýär talaňy,Iň utulýan kim, Arkadag?

Kim baýady bu oýundan,Kim-kime syrtmak boýunda,Günä gurtda ýa goýunda,Kim saňa häkim, Arkadag?

Bagtyýarlyk bormy türme?Berkararlyk bormy urma?Ýurduň geljegin ýumurma,Antenna söküp, Arkadag?

Pak ýaşuly, aksakgallar,Şahyr, bagşy, başga gullar,Ne diýdirmez açlyk, pullar,Orarsyň ekip, Arkadag?

San bilýänsiň, sana bir gün,Näçä ýetdi bendi, sürgün?Sütem eden galmaz gurgun,Görersiň çekip, Arkadag!

Ýene degişli makalalar

4-nji finalda ýeňiş gazandy
5-nji kuboga 30 ýyl garaşdy
Top depmän, tälimçi bolanlar
“NBA All Star” şüweleňi
LeBron we onuň ýoldaşlary
Türkmenistanyň futbol we futzal boýunça ýygyndylaryna horwat tälimçileri ýolbaşçylyk eder