Arsen Wenger Türkmenistanyň ösen futbol ýurduna öwrülmegini arzuw etdi

Arsen Wenger Türkmenistanyň ösen futbol ýurduna öwrülmegini arzuw etdi

Londonyň Arsenal klubynyň ozalky baş tälimçisi Arsen Wenger Türkmenistanyň futbol janköýerlerine ýüzlendi. Wideoýüzlenme FIFA-nyň Doha şäherinde geçirilen okuw maslahatynyň çäginde türkmen tälimçisi Röwşen Meredow tarapyndan ýazga geçirildi.

Arsen Wenger özüniň wideoýüzlenmesinde Türkmenistanyň ösen futbol ýurduna öwrülmegini arzuwlap, bu sport görnüşinde ýokary netijeleri gazanmak üçin ýaş nesli oňat türgenleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şeýlelikde, meşhur hünärmen geljekde dünýä futbolynda ýokary üstünlikleri gazanmak üçin Türkmenistany ýaş nesle bil baglamaga çagyrdy.

Mundan başga-da, okuw maslahatynyň dowamynda Röwşen Meredow Arsen Wengere Türkmenistanyň milli aýratynlyklarynyň biri bolan türkmen halysyny sowgat berdi.

Birnäçe ýyl bäri futboly ösdürmek üçin FIFA-nyň taslamalarynda işleýän Arsen Wengeriň türkmen kärdeşi bilen gyzgyn söhbetdeşlik geçirdi. Taraplar dünýäniň dürli ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda futbolyň, esasanam, çagalar futbolynyň ösüşi barada pikir alyşdylar.

Dünýä belli hünärmen türkmen kärdeşiniň sowgadyny uly minnetdarlyk bilen kabul etdi.

Ýeri gelende bellesek, 41 ýaşly Röwşen Meredow häzirki wagtda FIFA-nyň tehniki eksperti hökmünde zähmet çekýär. Ol 2022/23-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Gyrgyzystanyň Kaganat toparyna tälimçilik etdi.

Ondan ozal bolsa 2016-2019-njy ýyllaryň aralygynda Ahal futbol klubyna tälim berdi. Ol 2014-nji ýylda HTTU topary bilen AFK-nyň Prezidentiniň kubogyna hem mynasyp bolupdy.

Türkmen hünärmeni 2020-nji ýylda dünýäniň islendik ýurdunda milli ýygynda we toparlara tälimçilik etmäge hukuk berýän AFK PRO tälimçilik ygtyýarnamasyny almak üçin synaglary üstünlikli tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

27-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Halk saz gurallary
Guardiola Fergusondan öňe geçdi
“Premier Ligada” ýylyň tälimçisi we ýylyň futbolçysy belli boldy
Prezident Erdogan, Wenger Kärdeşi Bilen Duşuşdy