“Arsenal” “Mançester Sitini” ahyry ýeňdi

Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” tapgyryň iň esasy duşuşygynda wise-çempion “Arsenal” öz meýdançasynda çempion “Mançester Sitini” 1-0 hasabynda ýeňdi.Topçulara taryhy ýeňiş gazandyran ýeke-täk goly 86-njy minutda oýna soň giren Gabrielle Martinelli geçirdi. Şunlukda, ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirýän “Arsenal” güýçli garşydaşyny çempionatda 8 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňmegi başardy. “Arsenal” soňky gezek 2015-nji ýylda utupdy.

Şol sanda “Arsenalyň” tälimçisi Mikel Arteta APL-de Pep Guardiolany ilkinji gezek ýeňip, mundan öňki 7 oýunda asgyn gelipdi. Şeýle-de, Arsenal “Mançester Sitini” soňky gezek gol geçirtmezden 2012-nji ýylda ýeňipdi. Şonda londonlylar toparyň häzirki tälimçisi Mikel Artetanyň 87-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňipdiler.

“Mançester Siti” soňky 4 duşuşygynda 3-nji gezek utuldy. Şäherliler soňky gezek 2018-nji ýylyň aprelinde 4 duşuşygyň 3-sinde ýeňlipdi.

Ýene degişli makalalar

Arsenaldan ajaýyp badalga
Sport syny: APL-da şenbe şüweleňi
Mançester Siti we Leýpsig ÝÇL-iň 1/8 finalynda ilkinji gezek garşylaşar
Mançester Siti APL-yň merkezi oýnunda Arsenaly utdy
Google Tottenhemden öý stadionynyň adyna hukugy satyn almak isleýär
De Bruýne Mançester Sitiniň täze rekordyny goýdy