Arsenaldan ajaýyp badalga

Arsenaldan ajaýyp badalga

Angliýanyň premýer-ligasynyň 12-nji tapgyrynda Nottingem Foresti 5:0 hasabynda derbi-dagyn eden Arsenal utuklarynyň sanyny 31-e ýetirdi. Şeýlelikde, turnir tablisasynyň lideri bolup duran Arsenal özüniň premýer-ligadaky iň şowly badalgasyny amala aşyrdy.

London topary hatda rowaýaty tälimçi Arsen Wengeriň türgenleşdiren ýyllarynda hem içerki çempionata beýle şowly ädimler bilen başlap bilmändi. Şowly badalga boýunça mundan ozalky iň gowy netije Wengeriň golastynda ýeňlişsiz geçirilen 2003/04-nji ýylky möwsümde hasaba alnyp, topar şonda 12 oýundan 30 utuk toplamagy başarypdy.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Arsenal APL-yň turnir tablisasynda 31 utuk bilen kerwenbaşylygyny dowam edýär. Ikinji ýerdäki Mançester Sitiniň hasabynda bolsa 29 utuk bar. Mikel Artetanyň tälim berýän Arsenaly indiki tapgyrda london derbisinde Çelsiniň myhmany bolar. Duşuşyk 6-njy noýabrda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

“Arsenal” “Mançester Sitini” ahyry ýeňdi
APL: Mançester Siti birinji orna geçdi
Arsenal birinjiligi elden bermedi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
APL: Üçünji tapgyr tamamlandy. Arsenal birinji, Lester iň soňky orunda
Çelsi ýene-de ýeňildi