Aşgabadyň EuroHome TM dükanynda hemişelik bolýan arzanladyşlar barada gürrüň berdiler

Aşgabadyň EuroHome TM dükanynda hemişelik bolýan arzanladyşlar barada gürrüň berdiler

Öýündäki suw geçirijisini täzelemek isleýän we munuň üçin amatly bahaly ýeri gözleýänler üçin EuroHome TM dükany özboluşly arzanladyş täzeligini taýýarlady.

Indi EuroHome TM Ýewropa brendleriniň iň gowy hilli santehnika enjamlaryny, wanna otagy üçin esbaplary hem-de ýyladyş batareýalaryny hödürlemekden başga-da, müşderilerine hemişelik arzanladyşlary ýetirýär:

- 10 000 manat möçbere çenli haryt satyn alnanda, dükanyň ähli zatlaryna 10% arzanladyş;

- 10 000 manatdan ýokary möçberde haryt satyn alnanda bolsa rakowinalara we unitazlara (keramika) 20% arzanladyş.

EuroHome dükanyndaky dünýä derejeli brend hökmünde meşhur bolan harytlaryň bahalary beýleki söwda platformalaryndaky bahalardan 30 — 80 göterime çenli arzandyr. Şonuň üçinem, satylýan bu önümleriň saýlama derejelidigine garamazdan, olaryň bahasy Türkiýeden we Hytaýdan getirilýän şu hili harytlaryň bahasyndan ýokary däldir.

EuroHome TM-de önümiň hiline aýratyn üns berilýär. Önümleriň ähli görnüşiniň gönüden-göni öndürijileriň zawodlaryndan üpjün edilmegi bolsa, olaryň ýokary hil standartlaryna laýykdygyna kepil geçýär.

EuroHome TM dükanynda Duravit, Villeroy & Boch, Laufen, Roca, Abacus, Gustavsberg, Schütte, Eyckhaus, Home Creation, Eisl, Naber, Signature, Aya, Vedette, Kirchoff, Quinn ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy brendleriniň rakowinalarynyň, unitazlarynyň, bideleriniň, santehniki gurnamalarynyň, suw akdyryjy enjamlarynyň, duş ulgamlarynyň, ýyladyş batareýalarynyň alyjylara hödürlenýändigini ýatladýarys.

Dükan sargyt edilýän harytlary Türkmenistanyň islendik ýerine eltip berýär. Bu hatda ýurduň iň uzak künjeklerinde ýaşaýanlaryň hem ýokary hilli santehnika enjamlary we wanna esbaplary bilen üpjün edilip bilinjekdigini aňladýar.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

EuroHome TM dükanynyň hödürleýän harytlary öýüňizde rahatlygy döretmäge kömek eder
EuroHome TM: Schütte duş ulgamlary bilen tropik çabganyň güýjüni duýuň
EuroHome TM: Duravit — wanna otagynyň interýerini bezemekde ajaýyp çözgütler
EuroHome TM santehnika dükany Villeroy & Boch nemes kompaniýasynyň ýokary hilli önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär
EuroHome TM Ýewropa brendleriniň ygtybarly sowadyjylarynyň köpdürli görnüşlerini hödürleýär
Lebapda Internetiň tizligi haýallap, mobil ulgamyň hili ýaramazlaşdy