EuroHome TM: Duravit — wanna otagynyň interýerini bezemekde ajaýyp çözgütler

EuroHome TM: Duravit — wanna otagynyň interýerini bezemekde ajaýyp çözgütler

EuroHome TM santehnika enjamlarynyň we aksessuarlarynyň dükany interýer çözgütlerinde dizaýna täze ölçegleri hem-de köptaraplaýyn aýratynlyklary berýän santehnika enjamlaryny öndüriji Duravit brendiniň önümlerini hödürleýär.

Duravit — bu diňe bir santehnika enjamlary hem däl-de, wanna otagyny rahatlygyň we kaşaňlygyň oazisine öwürmäge ukyply täsin çözgütlerdir. Brendiň önümleri Germaniýanyň öňdebaryjy inženerleriniň we işläp taýýarlaýjylarynyň ýadawsyz zähmetinden hasyl bolýan german hiliniň iň gowy däplerini özünde jemleýär.

Brendiň kolleksiýasyna asylýan we ýerde goýulýan unitazlar, bide, dürli göwrümdäki hem-de ölçegdäki rakowinalar, santehniki gurnama enjamlary girýär. Mundan başga-da, nemes brendi şu hili wanna mebellerini öndürýär: konsollar, aýnalar, rakowinanyň aşagyna goýulýan tekjeler, şkaflar we başga-da dürli görnüşli mebeller.

Duravit özüniň owadanlygy we özboluşlylygy bilen haýran galdyrýan kolleksiýalary döretmekde dünýäniň öňdebaryjy dizaýnerleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Täze tehnologiýalar bolsa Duravit brendiniň önümlerini diňe bir owadan däl-de, eýsem, köptaraply, ulanmak we ideg etmek üçin oňaýly edýär.

EuroHome TM dükanynda keramika üçin niýetlenen WonderGliss örtügine aýratyn üns berilýär.

Ýatladyp geçsek, EuroHome TM dükanynda Ýewropanyň meşhur brendleriniň santehnika enjamlarynyň, aksessuarlaryň we hojalyk tehnikalarynyň köpdürli görnüşleriniň hödürlenýändigini ýatladýarys. Dükan alyjylara ýetirilýän önümleriň ýokary hiline we ygtybarlylygyna uly ynam bildirýär.

Dükan satyn alnan harytlary Türkmenistanyň islendik ýerine eltip berýär.

EuroHome TM dükany Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi, 64-nji jaý, Türkmen deri binasy, 2-nji gat.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

EuroHome TM dükanynyň hödürleýän harytlary öýüňizde rahatlygy döretmäge kömek eder
EuroHome TM: Schütte duş ulgamlary bilen tropik çabganyň güýjüni duýuň
Aşgabadyň EuroHome TM dükanynda hemişelik bolýan arzanladyşlar barada gürrüň berdiler
EuroHome TM santehnika dükany Villeroy & Boch nemes kompaniýasynyň ýokary hilli önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär
EuroHome TM Ýewropa brendleriniň ygtybarly sowadyjylarynyň köpdürli görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatda taýýar biznes satylýar: meşhur brendleriň iki sany egin-eşik dükany satuwa çykaryldy