EuroHome TM Ýewropa brendleriniň ygtybarly sowadyjylarynyň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

EuroHome TM Ýewropa brendleriniň ygtybarly sowadyjylarynyň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

EuroHome TM dükany Ýewropanyň meşhur Signature, Aya we Vedette brendleriniň ygtybarly sowadyjylarynyň giň haryt görnüşlerini alyjylara ýetirýär.

Sowadyjylaryň döwrebap modelleri iýmitiň terligini we peýdaly aýratynlyklaryny uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýän köp sanly funksiýalar bilen üpjün edilendir. No Frost funksiýasy köp wagty we güýji talap edýän sowadyjynyň doňuny çözmek zerurlygyny aradan aýyrýar. EuroHome TM dükanynyň haryt görnüşleri elektrik energiýasyny az mukdarda sarp etmek bilen, puluňy tygşytlamaga ýardam edýän energiýa taýdan amatly modelleri hem öz içine alýar.

EuroHome TM dükanyndan islendik aşhana üçin laýyk boljak nusgawy — ak we kümüşsöw reňkli sowadyjylary tapmak bolýar. Adaty bolmadyk çözgütleri halaýanlar üçin bolsa gyzyl we gara reňklerdäki modeller hem hödürlenilýär.

EuroHome TM dükanynda sowadyjylaryň ähli görnüşlerine 1 ýyl kepillik berilýär.

EuroHome TM dükany — bu dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan ýokary hilli santehnika enjamlarynyň, hojalyk enjamlarynyň we esbaplaryň dürli hili modellerini hödürleýän dükandyr. Bu ýerde amatly we köptaraply aşhana, wanna we ýaşaýyş otaglaryny döretmek üçin zerur bolan zatlaryň ählisi bardyr:

- santehnika enjamlary: rakowinalar, unitazlar, bide, santehnika gurnamalary, suw akdyryjy enjamlar we tropiki duşlar;

- wanna otagy üçin esbaplar: wanna otagynda rahatlygy we tertipliligi üpjün etmek üçin zerur zatlar;

- hojalyk tehnikalary: sowadyjylar, doňduryjy kameralar. Şeýle hem Signature brendiniň 116 çüýşe sygýan çakyr tekjeleri hem-de Aya we Signature brendleriniň 12-13 toplum gap sygýan gap-gaç ýuwujy maşynlary;

- ýyladyş batareýalary: diňe bir jaýy gyzdyrman, eýsem onuň bezeglik bölegine öwrüljek ajaýyp we köptaraply ýyladyş radiatorlary.

EuroHome TM dükany satyn alnan harytlary Türkmenistanyň islendik künjegine eltip berýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

EuroHome TM dükanynyň hödürleýän harytlary öýüňizde rahatlygy döretmäge kömek eder
Aşgabadyň EuroHome TM dükanynda hemişelik bolýan arzanladyşlar barada gürrüň berdiler
EuroHome TM: Duravit — wanna otagynyň interýerini bezemekde ajaýyp çözgütler
EuroHome TM: Schütte duş ulgamlary bilen tropik çabganyň güýjüni duýuň
EuroHome TM santehnika dükany Villeroy & Boch nemes kompaniýasynyň ýokary hilli önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Bangkoga uçuşlary amala aşyrar, BMGÖM-niňsebit edarasynyň müdiri iş sapary bilen Türkmenistana geler, Türkmenistanda Täze ýyl nyşanlary bolan dokma önümler çykaryldy we beýleki habarlar