Aşgabadyň ýaşaýajylary täze girizilen çäklendirmeler zerarly pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler

Bankomatlardan nagt pul çekmäge girizilen çäklendirmelerden soň, Aşgabadyň ýaşaýjylary öz hasaplaryndaky pullary nagtlaşdyrmak üçin birnäçe gezek nobata durmaly bolýarlar.

Bir gezekde bank hasabyňdan 200 manatdan artyk pul nagtlaşdyryp bolmaýar, munnuň üstesine bank hyzmatlary üçin tölemel töleg 0,68 bolanlygyndan 0,74 prosente çenli ýokarlandy.

Paýtagtyň bankomatlarynyň ählisiniň ýanynda irden uly nobatlar döreýär. Girizilen çäklendirmelere garamazdan, pul sagat 11-e çenli gutarýar.

Adamlar pullaryny nagtlaşdyrmak üçin buirnäçe gezek nobata durýarlar.

Işleýän adamlaryň köpüsi irden hasaplaryndan pul çykaryp ýetişmek üçin başlyklaryndan rugsat soraýar. Emma bu hemme eadaralarda mümkin bolmaýar. Mysal üçin, saglyk edaralarynyň baş lukmanlary wraçlary we şepagat uýalaryny işden goýberip bilmeýär.

Aşgabadyň 9-njy saglyk öýüniň bir işägriniň gürrüň bermegine görä, hassahanlaryň köpüsinde bankomat oturdylan, emma ol ýerdäki pullar gaty çalt gutarýar we pully bankomat tapmak üçin şäheriň beýleki ýerlerine aýlanmaly bolýar.

Regionlarda ýagdaý has-da çylşyrymly. TH ozal Mary şäheriniň we Mary welaýatyndaky obalaryň ýaşaýjylarynyň Aşgabada gatnaýan taksiçilerden pullaryny nagtlaşdyryp getirmeklerini haýyş edýändiklerini, munuň üçin olara nagtlaşdyrylan puluň 10 prosentini berýändiklerini habar berdi. Ahal welaýatynyň etraplarynyň ýaşaýjylary hem şu çykalgadan peýdlanýarlar.

Ýurduň ýaşaýjylarynyň Täze ýyl baýramçylygyndan öň azyk önümlerini we sowgatlyk hatyrlary satyn almagy bilen bu ýagdaý has-da çylşyrymlaşýar.Sebäbi iri supermarketlerde we söwda merkezlerinde, mysal üçin “Berkararda” kart bilen hasaplaşmak mümkin.

Emma bazarlarda we uly bolmadyk dükanlarda, adamlaryň aglaba köplüginiň söwda eýän ýerlerinde beýle mümkinçilik ýok we olardan harytlaryň bahasyny diňe nagt pulda tölemegi talap edýärler.Töleg terminallarynyň oturdylandygyna garamazdan, döwlet dükanlarynyň satyjylary köplenç tölegi nagt pulda bermelidigini, sebäbi terminallaryň aragatnaşygyň ýaramazlygy üçin işlemeýändigini aýdýarlar.

Hususy söwda nokatlarynyň käsinde satyjylaryň käbiri tanyşlaryna we goňşularyna harytlary, depderçä bellik edip, nesýe satýar. Alyjylar olara kartlaryndan pul çykaran batlaryna hasaplaşjakdygylaryny wada berýärler.

Ýene degişli makalalar

Gazagystandaky suw joşmalarynyň arasynda, bu ýurtdaky türkmenler köpçülikleýin watanyna dolanýar
Marynyň pagtany kabul edýän kärhanalarynda pagta bolçulygy göze ilmeýär
Lebapda ekilen gowaçanyň 'sorty' onuň hasyllylygyny peseltdi’. Pagtaçylar bilen wagtynda hasaplaşylmaýar’
Regionlarda çörek gytaldy, prezident söwda ministrini çalyşdy
Regionlarda çörek gytaldy, prezident söwda ministrini çalyşdy
Türkmen agitatorlary "Günbatary we ABŞ-ny" ýurda duşmançylykda aýyplaýar, halky prezidentiň daşyna jem bolmaga çagyrýar
Etrap lukmanlary bagryndan 'gurçuk çykan' zenany operasiýa edip, agyr hala saldylar’