Aşgabadyň ýaşaýjylary suw üçin tölegleri telefon arkaly töläp biler

Paýtagtyň ýaşaýjylary agyz suwy üçin tölegleri öýjükli telefonlar, internet ýa-da töleg terminallary arkaly hem töläp bilerler.Bu barada jemagat hojalygy boýunça täze wise-premýer Çarymyrat Pürçekowyň 19-njy aprelde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hyzmat ulgamyny we sarp edijiler bilen hasaplaşygy sanly ykdysadyýete geçirmek barada beren hasabatynyň arasynda habar berildi.

TDH-nyň maglumatyna görä, wise-premýer “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň ýanynda hasaplaşyk merkeziniň döredilendigini, bu ýerde suw ulanyjylar, olaryň adresleri, sarpa eden suwlary we tölegleri barada elektron maglumatlaryň ýerleşdirilendigini aýtdy.

Ozal habar berilmegine görä, “Aşgabatagyzsuwyň” işgärlerine suw töleglerini töleýänçäler aýlyklarynyň berilmejekdigi aýdyldy.

Emma soňra, “Azatlyk” radiosynyň habar bermegine görä, işgärler suw töleglerini tölänlerinden soň hem aýlyklaryny alyp bilmediler.

Ýatladýarys, 15-nji martda prezidente elektrik energiýasy boýunça hyzmat we hasaplaşyk ulgamynyň sanly görnüşe geçirilendigi habar berildi.

Habarda aýdylmagyna görä, Aşgabadyň “Döwletenergiýagözegçiligi” kärhanasynda Hasap merkeziniň peýda bolmagy netijesinde paýtagtyň ýaşaýjylarynyň tölegleri öýjükli telefonlar, internet ýa-da töleg terminallary arkaly geçirmeklerine mümkinçilik döredildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň demirgazygynda kottejler toplumynyň üçünji tapgyrynyň açylyşy boldy, Türkmenistanyň Prezidentine Goşun generaly harby ady dakyldy, 2023-nji ýylda Türkmenistan 1,25 mln tonna pagta hasylyny almagy meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň prezidenti gurluşyk boýunça wise-premýerini täzeledi
Aşgabatda suw arassalaýjy desga gurulýar
Türkmenistanyň prezidenti obalardaky hususy jaýlaryň arhitekturasyny tankytlady
Türkmenistanda energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi gurulýar