Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desga gurlar. Ministrler kabinetiniň 25-nji aprelde geçirilen mejlisinde gurluşyk we jemagat hojalygy boýunça wise-premýer Çarymyrat Pürçekow prezidentden bu desgany gurmak barada şertnama baglaşylmagyna rugsat sorady.
TDH-nyň habar bermegine görä, gurluşygy 2019 — 2021-nji ýyllarda amala aşyryljak desganyň kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalamak mümkinçiligini berer.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan bäsleşik geçirildi we Dost gurluşyk, söwda, önümçilik hojalyk jemgyýetiniň teklibi saýlanyp alyndy.Bu kärhananyň gurluşygy “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýar.
Belleýäris, Türkmenistanyň regionlarynyň ýaşaýjylary suw üpjünçiliginiň ýaramazlygyndan uzak wagt bäri ejir çekýärler. Suw diňe agşamlaryna berilýär, suwuň gije-gündiziň dowamynda berilmeýän wagtlary hem bolýar.
Döwlet baştutany 2018-nji ýylyň noýabrynda saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowyň ilatly nokatlary arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky programmanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmegini tabşyrdy.
