Türkmenistanyň prezidenti obalardaky hususy jaýlaryň arhitekturasyny tankytlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlisinde gurluşyk we jemagat hojalygy boýunça wide-premýer Çarymyrat Purçekowy “Baş wezipesi ýurtda alnyp barylýan işleriň hiline gözegçilik etmek bolan Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işiniň gowşaklygy” sebäpli tankyt etdi.

TDH-nyň habar bermegine görä, döwlet baştutany regionlarda adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin mellek ýerleriniň bölünip berilýändigini, emma gurluşyklaryň barşyna, şeýle-de jaýlaryň näçe gatly gurulýandygyna we binagärlik çözgütlerine hiç kimiň gözegçilik etmeýändigini, munuň düzgün bozulmalaryna, şol sanda sanitar normalarynyň hem bozulmagyna alyp gelýändigini aýtdy.

Prezident bu ýagdaýy seljermegi hem-de bar bolan kemçilikleriň düzedilmegi üçin görlen çäreler barada Ministrler kabinetiniň indiki mejlisinde hasabat berilmegini talap etdi.

Döwlet baştutanynyň sanitar normalarynyň bozulmagy diýmek bilen mämäni nazarda tutýandygy anyklaşdyrylmaýar, emma anti-sanitariýa problemalary, TH-nyň habarçylarynyň maglumatyna görä, hakykatdanam her bir obada bar.Her bir oba ýaşaýjysynda mal bar, olar golaýda saklanylýar, emma ýurduň gyrak-bujaklarynda malsyz ýaşamak mümkin däl.

Sebäbi oba adamlarynyň başga işleri ýok.Jaýlarda unitaz ýok, sebäbi lagym ulgamy gurulmadyk.Hajathanalar aşagynda çukur gazmak bilen, howlynyň bir gyrasynda gurulýar.Pürçekow gysga wagtda hapaçylyga alyp gelýän “problemalary aradan aýyrmak üçin çäre görüp” bilermi ýa-da öňde goýlan meseleleri çözmek üçin nobatdaky gadagançylyklara ýüz urmaly bolarmy, bular häzrlikçe düşünksiz.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň demirgazygynda kottejler toplumynyň üçünji tapgyrynyň açylyşy boldy, Türkmenistanyň Prezidentine Goşun generaly harby ady dakyldy, 2023-nji ýylda Türkmenistan 1,25 mln tonna pagta hasylyny almagy meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň prezidenti gurluşyk boýunça wise-premýerini täzeledi
Aşgabadyň ýaşaýjylary suw üçin tölegleri telefon arkaly töläp biler
Aşgabatda suw arassalaýjy desga gurulýar
Türkmenistanda energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi gurulýar