Büzmeýiniň döwlet elektrik bekediniň çäginde umumy meýdany 2,60 gektara barabar bolan ýerde energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy meýilleşdirildi. Bu barada 24-nji maýda geçirilen hökümet maslahatynda wise-premýer Çarymyrat Pürçekow hasabat berdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, bu merkeziň gurluşygy elektrik beketlerinde zerur işleri öz wagtynda alyp barmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem elektrik energiýasynyň eksport möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa edara ediş, abatlaýyş, hyzmat desgalaryny, ammary, himiki barlaglar binasyny, tehniki desgalary we awtoduralgany öz içine alýan merkeziň taslamasy görkezildi.
Pürçekowyň maglumatlaryna görä, ýurtda jemi taslama kuwwaty 6721,6 megawata deň bolan 12 sany elektrik bekedi hereket edýär. Bu desgalarda 36 gaz we 12 bug turbinalary işleýär.
