Aşgabadyň ýaşaýjylaryna ÝHD-ni berjaý etmek talaby barasynda SMS-habar ýollandy, polisiýa ýollarda gözegçiligini güýçlendirdi

Aşgabadyň ýaşaýjylaryna ÝHD-ni berjaý etmek talaby barasynda SMS-habar ýollandy, polisiýa ýollarda gözegçiligini güýçlendirdi

Aşgabatda polisiýanyň ýol hereketine gözegçilik Gullugy ýol hereket düzgünlerine (ÝHD) kontolyny güýçlendirdi. Mundan başga-da paýtagtyň ýaşaýjylary SMS-habar aldylar we onda pyýadalardan köçelerdäki geçelgelerde düzgünleri,sürüjilerden bolsa, tizlik kadalary berjaý etmekleri soralýar. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Köpsanly köçelerde we ýol geçelgelerinde goýlan belgilerde awtoulag tizligini sagatda 40-50 kilometrden geçirmezlik soralýar. Ýol düzgünlerini bozandygy radarda bellik edilen sürüjiler tölemeli jerimeleri barada hat alýarlar. Eger olar jerimesini 3 günüň içinde tölemeseler,onda polisiýa şol ulaglaryň sanlary ýollanýar we ony gözläp tapmak hem Çoganlydaky jerime duralgasyna ýollamak zerur bolýar.

Öz nobatynda sürüjiler ýol gözegçilik gullugynyň işleriniň ýaramaz gurnalandygy we jerimeleri tölemek meseleleri barada arz edýärler.

“Jerimäni tölemek çetin.Birnäçe otaga girip çykmaly we olarda başga kanun bozmalaryň ýokdygyny, ulagyň tehnik barlagy geçendigi we beýleki gözegçiligi edýärler.Merkezleşdirilen ulgam ýok we her otagyň öňünde nobat bar. Ähli otagdan geçip, ýene ilkibaşky otaga dolanyp, nobata durýarsyň.

Soňunda banka gidiň we awtoulagyňyzyň jerime duralgasyna çekilendigi üçin 10 manat jerimäni töläň diýilýändigini” ÝHD-ni bozanlaryň biri gürrüň berýär.

Şaýatlar Çoganlydaky we Änewdäki jerime duralgalarynda ulaglaryň köpdügini aýdýarlar.

Ýatlatsak, 6-njy aprelde prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ilkinji mejlisini geçirende, IIM Öwezdurdy Hojanyýazowy Aşgabatda sürüjileriň ýol hereket düzgünlerini bozandygy üçin wezipesinden boşadypdy. Şonda baş prokuror Batyr Atdaýew 30-dan gowrak adamyň tutulandygy barada mysallar getirdi we sagatda 100-180 km tizlikde ulag sürenleriň jogapkärçilige çekilendigini aýdypdy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmesi tutulanlaryň üçden iki böleginiň prezidentiň doganoglanlarynyň dostlary, tanyşlarydygyny we onuň görkezmesi bilen ýollarda barlag geçirilendigini aýdýar.The post Aşgabadyň ýaşaýjylaryna ÝHD-ni berjaý etmek talaby barasynda SMS-habar ýollandy, polisiýa ýollarda gözegçiligini güýçlendirdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ýuridik şahsa ýazylan ýaşyl sanly awtoulaglary jerime duralgalaryna ýollaýarlar
IIM-niň ýolbaşçysyna ÝHD gözegçiligi tiz wagtda güýçlendirmek we günäsi geçilenleri hasaba almak buýruldy
Polisiýa jerime salýar, IIM-gi ulagy tiz sürmezlik we ota basmazlyk barada SMS arkaly duýduryş edýär
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ykbalyny teatr sungatyna bagyşlan ynsan