Aşgabadyň zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek işleri güýçlendirilýär

Aşgabadyň zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek işleri güýçlendirilýär

Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada 2-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow habar berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu inženerçilik desgasynyň işe girizilmegi bilen, paýtagtymyzyň ýerasty suwlarynyň derejesi peselip, şäheriň gidromelioratiw ýagdaýyny kadaly saklamak, zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek, lagym we ýagyş suwlaryny şäheriň daşyna çykarmak mümkinçilikleri döredildi.

Wise-premýer degişli hünärmenler tarapyndan paýtagtymyzyň günbatar hem-de demirgazyk böleklerinde ýerasty suwlaryň derejesini kesgitlemek boýunça tehniki hasabatlaryň taýýarlanylandygyny hem habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna ygtybarly zeýkeş ulgamyny döretmek maksady bilen, degişli teklipler hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny nygtady.Munuň özi inženerçilik-tehniki ulgamlaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de Aşgabatda durmuş-üpjünçilik meseleleriniň birnäçesini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Serdar Berdimuhamedow: “Aşgabady baýramçylyk keşbinde bezemek zerurdyr”
“Türkmendemirönümleri” kärhanasynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler
Aşgabatda döwrebap zeýkeş ulgamy dörediler
Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar
“Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçiriler