Serdar Berdimuhamedow: “Aşgabady baýramçylyk keşbinde bezemek zerurdyr”

Serdar Berdimuhamedow: “Aşgabady baýramçylyk keşbinde bezemek zerurdyr”

Aşgabatda döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini giňden baýram etmäge görülýän taýýarlygyň çäklerinde paýtagtyň bezeglerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada 17-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna hem-de Dabaraly maslahaty geçirmäge göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany öňde boljak dabaralaryň umumymilli ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini belledi hem-de wise-premýere baş şäherimizi baýramçylyk görnüşinde bezemek, ähli meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
“Türkmendemirönümleri” kärhanasynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler
Aşgabadyň zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek işleri güýçlendirilýär
Aşgabatda döwrebap zeýkeş ulgamy dörediler
Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar
“Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçiriler
Ýurdumyzyň paýtagty toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar