Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

2-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, Aşgabat şäheriniň çäginde ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek hem-de lagym we ýagyn suwlaryny akdyryjy ýerasty zeýkeş inženerçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzyň çalt depginler bilen ösmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň yzygiderli gurulmagy netijesinde ygtybarly inženerçilik ulgamlaryny döretmek, ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek zerur bolup durýar. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, zeýkeş-aragatnaşyk ötügini we lagym suwuny arassalaýjy desgany gurmak işleri amala aşyryldy.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu inženerçilik desgalarynyň işe girizilmegi bilen, paýtagtymyzyň ýerasty suwlarynyň derejesi peselip, şäheriň gidromelioratiw ýagdaýyny kadaly saklamak, zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek, lagym we ýagyş suwlaryny şäheriň daşyna çykarmak mümkinçilikleri döredildi.

Wise-premýer degişli hünärmenler tarapyndan paýtagtymyzyň günbatar hem-de demirgazyk böleklerinde ýerasty suwlaryň derejesini kesgitlemek boýunça tehniki hasabatlaryň taýýarlanylandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ygtybarly zeýkeş ulgamyny döretmek maksady bilen, degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny nygtady.Munuň özi inženerçilik-tehniki ulgamlaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de Aşgabatda durmuş-üpjünçilik meseleleriniň birnäçesini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Serdar Berdimuhamedow: “Aşgabady baýramçylyk keşbinde bezemek zerurdyr”
“Türkmendemirönümleri” kärhanasynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler
Aşgabadyň zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek işleri güýçlendirilýär
Aşgabatda döwrebap zeýkeş ulgamy dörediler
“Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçiriler