“Türkmendemirönümleri” kärhanasynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

“Türkmendemirönümleri” kärhanasynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

“Dost gurluşyk, söwda, önümçilik” hojalyk jemgyýeti Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirer. Bu ugurda yglan edilen bäsleşigiň netijeleri barada 2-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmek hem-de bu işler üçin zerur bolan serişdeleri satyn almak boýunça geçirilen halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik” hojalyk jemgyýetiniň teklibi has amatly hasaplandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna şu hojalyk jemgyýeti bilen degişli şertnamany baglaşmak baradaky teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklibi makullap, ýurdumyzda isleg bildirilýän gurluşyk serişdelerini öndürmäge ýöriteleşdirilen iri kärhanalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanda baýramçylyk mynasybetli 14 sany iri önümçilik-durmuş maksatly desga açylar
Serdar Berdimuhamedow: “Aşgabady baýramçylyk keşbinde bezemek zerurdyr”
Aşgabadyň zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek işleri güýçlendirilýär
Aşgabatda döwrebap zeýkeş ulgamy dörediler
Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar