Türkmenistanda baýramçylyk mynasybetli 14 sany iri önümçilik-durmuş maksatly desga açylar

Türkmenistanda baýramçylyk mynasybetli 14 sany iri önümçilik-durmuş maksatly desga açylar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 14-sini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer Ç.Purçekow 23-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, esasy dabaralaryň guraljak ýeri bolan paýtagtymyzy baýramçylyk görnüşinde bezemek hem-de onuň çäklerini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça degişli çäreler geçirilýär.Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýilleşdirilen ähli dabaraly çäreleriň geçirilmegine örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de dürli maksatly täze desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Serdar Berdimuhamedow: “Aşgabady baýramçylyk keşbinde bezemek zerurdyr”
“Türkmendemirönümleri” kärhanasynda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler
Aşgabadyň zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek işleri güýçlendirilýär
Aşgabatda döwrebap zeýkeş ulgamy dörediler
Sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar
“Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçiriler