Aşgabat gipermarketi mobil goşundysyny ulanyşa girizdi

Aşgabat gipermarketi mobil goşundysyny ulanyşa girizdi

Häzirki döwürde adamlar üçin iň gymmatly zatlaryň biri bolan wagty her kim başardygyndan tygşytlamaga çalyşýar. Bu edil söwda etmek babatda hem şeýle. Bir tarapdan, ähli zerur bolan zatlaryňy satyn almaga ýetişesiň gelýär, beýleki bir tarapdanam, muňa örän az wagtyňy sarp etmek isleýärsiň.

Türkmen paýtagtynyň uly gipermarketiniň Aşgabat mobil goşundysy bu meseläni çözmekde örän oňaýlydyr.

Aşgabat — bu dürli ugurlara degişli bolan dürli görnüşli harytlary özünde jemleýän uniwersal platforma. Onlaýn katalogda şular hödürlenen:

- Azyk harytlary; - gündelik sarp edilýän harytlar (şahsy arassaçylyk önümleri, hojalyk himiýa serişdeleri we ş.m.); - tehnika we elektronika; - egin-eşikler we aýakgaplar; - sport harytlary; - bezeglik we öý üçin niýetlenen zatlar; - kosmetika we parfýumeriýa; - çaga harytlary; - kanselýariýa harytlary we başgalar.

Bu platformada söwda etmek üçin satyn almak isleýän önümleriňizi saýlap, olary sebede goşmak ýeterlikdir. Soňra bolsa çapardan harytlary alyp biljek wagtyňyzy görkeziň. 500 manatdan ýokary möçberde sargyt eden müşderilere harytlar Aşgabadyň çägine tölegsiz eltilip berilýär.

Aşgabat mobil goşundysynyň interfeýsi oňaýly we düşnükli bolup, ony üç dilde ulanyp bolýar (türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde).

Şeýle-de bu goşundynyň kömegi bilen Aşgabat restoranyndan taýýar gyzgyn naharlary sargyt edip bilersiňiz.

Goşundy ýükläp almak üçin Google Play we AppStore internet dükanlarynda elýeterlidir.

Habarlaşmak üçin:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Markayoly — harytlaryň köpdürli görnüşleri we onlaýn hyzmatlaryň ýokary hili
“Asmanexpress” sowgatly uly arzanladyş yglan edýär
Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda taksi çagyrmak hyzmaty işe girizildi
Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara onlaýn-wiktorina geçiriler
Türkmenistanlylar Yandex-iň Tomusky mekdebinde mugt bilim almaga mümkinçilik alarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Kazana uçuşlarynyň sanyny azaldar