Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Kazana uçuşlarynyň sanyny azaldar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Kazana uçuşlarynyň sanyny azaldar

Türkmenistan awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň mart aýynyň ahyryndan Aşgabat — Kazan gatnawyny hepdede bir uçuşa çenli azaldar.

Uçuş çarşenbe güni amala aşyrylar. Geljek ýarym ýyl üçin bu gatnawyň petekleri awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satuwa çykarylandyr.

Onlaýn satyn alynan ýagdaýynda petekleriň bahasy 4886 manatdyr.

Ozal Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Kazan ugry boýunça uçuşlary hepdäniň penşenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrýardy.

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa ugry boýunça adatdaky ýaly hepdede iki gezek uçuşlary amala aşyrar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

54 ýyldan soňra Aýa syýahat
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula her gün gatnar
Türkmenistanlylar Yandex-iň Tomusky mekdebinde mugt bilim almaga mümkinçilik alarlar
Ak Ýol Computers kompýuter tehnikasynyň, goşmaça esbaplarynyň we aksessuarlarynyň ähli görnüşlerini hödürleýär
TM Trade onlaýn-platformasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda işewürligi ilerletmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär
Ermeni Meselesi