Aşgabat: jemagat gulluklarynyň işgärlerine pişikleri tutmak barada 'ýokardan buýruk' berildi

Aşgabat: jemagat gulluklarynyň işgärlerine pişikleri tutmak barada 'ýokardan buýruk' berildi

Aşgabadyň jemagat hojalygynyň işgärleri üçin täze ýyl idegsiz haýwanlary tutmak bilen bagly has berk talaplardan başlandy. Jemagat işgärleri her aýda birnäçe pişigi tutup, tabşyrmaly edildi. Bu talaplary ýerine ýetirmedik işgärlere aýlyklarynyň bir bölegini ýa-da iş ýerini ýitirmek howpy abanýar.

Bu ýyl Aşgabadyň jemagat gulluklarynyň her bir işgäri köçelerde pişikleri tutmak boýunça her aýlyk plany ýerine ýetirmäge borçly edildi. Buýrugyň Aşgabadyň häkimligi tarapyndan berlendigini Azatlygyň habarçysy 8-nji ýanwarda anyklady.

"Häkimiň jemagat hyzmatlary boýunça orunbasarynyň buýrugy bilen şäher ýaşaýyş jaý dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary paýtagtdaky öýsüz haýwanlary azaltmak üçin edaranyň her bir işgärine pişikleri tutmak planyny bermäge borçly".

Habarçy bilen söhbetdeş bolan jemagat işgärleriň sözlerine görä, ýolbaşçylar görkezmeleri ýerine ýetirmekden boýun gaçyranlara jerime salynjagyny we aýlyk haklaryndan pul tutuljagyny duýdurypdyr. Olar indi tutuş sebitde pişikleri gözlemäge we tutmaga mejbur bolandygyny aýdýarlar.

Haýwanlary ýok etmegi güýçlendirmek baradaky bu buýruk ýene-de dilden berildi, işgärlere ýazmaça görkezme görkezilmedi. Azatlyk Radiosy Aşgabadyň häkimliginden resmi maglumat alyp bilmedi.

Geçmişde paýtagtyň jaý dolandyryş edaralarynyň işgärlerinden pişikleri tutmak talaby birnäçe gezek edilipdi, olara plan hem berlipdi. Azatlygyň habarçylarynyň ozal habar berşi ýaly, käbir işgärler pişikleri gözläp tapmak we tutmak üçin az mukdarly pul töläp, ýerli ýaşaýjylary, şol sanda çagalary hem bu işe çekipdi. Seýrek ýagdaýlarda işgärler buýruklary ýerine ýetirmekden ýüz öwrüpdi.

Jemagat işgärleriniň köpüsi pişikleri tutmak bilen meşgullanýar. Geçmişde köçe süpürijiler we köpgatly ýaşaýyş jaýlarda arassaçylyk işleri berjaý edýänler pişikleri tutup, olary plastik haltalarda saklaýardy, şol ýerde haýwanlar demigip, ölýärdi.

Aşgabadyň jemagat gulluklarynyň işgärleriniň sözlerine görä, olaryň köpüsi muny etmek islemeýär, ýöne işini ýitirmek gorkusy sebäpli mejbur bolýar. Ýurtdaky agyr işsizlik şertlerinde býujet edarasynda işleýän işgär birnäçe maşgala agzasyny ekleýär.

Şol bir wagtyň özünde, haýwanlary goraýjylaryň sözlerine görä, haýwanlar babatynda uly rehimsizlik we zalymlyk görkezýän işgärler hem duş gelýär.

Azatlyk Radiosy itleriň rehimsizlik bilen tutulýandygyny, demir simler bilen boglup, taýaklanyp, ýenjilendigini we otlanýandygyny görkezýän ençeme wideolary çap edipdi.

Türkmenistanda haýwanlary köpçülikleýin tutmak çäreleri yzygiderli amala aşyrylýar. Aşgabadyň häkimiýetleri köçelerden haýwanlary ýygnamak we ýok etmek meselesine aýratyn üns bermegi bilen tapawutlanýar.

Plany ýerine ýetirmek üçin paýtagtyň ýaşaýyş jaý dolandyryş edaralarynyň işgärleri öýlerde ýaşaýan haýwanlary hem alyp gaçýarlar. Öý pişikleriniň hususy jaýlaryň we kwartiralaryň penjirelerinden, itleriň bolsa hatda olary gezdirip ýören eýeleriniň elinden alynmagyna degişli ýagdaýlaryň ençemesi barada habar berlipdi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, Aşgabadyň jaý dolandyryş edaralarynda işleýänleriň aglaba köpçüligi welaýat ýaşaýjylary bolup, olar sebitlerde has agyr işsizlik zerarly işiň gözleginde paýtagta barýarlar. Şeýlelik-de, bu adamlar bu işe gaty garaşly, köplenç hukuksyz we iş sagatlaryndan artyk işleýärler.

"Migrant işçiler - paýtagtda zähmet çekýän aýallar we erkekler her gün 12-14 sagat işleýärler. Ýolbaşçylary olary adam hasaplamaýar, olaryň çykgynsyz ýagdaýlaryndan peýdalanyp, olary kemsidýärler we basyş edýärler. Haýsydyr bir sebäbi bahanalap, jerime salýar" - diýip habarçymyz aýdýar.

Azatlyk bilen gürleşen köçe süpürijileriň sözlerine görä, agyr şertlerinden başga-da, olar arassaçylyk işleri üçin serişdeleri özleri satyn almaly bolýarlar.

"Köçeleri süpürmek, ýerasty geçelgelerde diwarlary we tutawaçlary ýuwmak üçin esgileri, arassalaýjy serişdeleri we süwseleri özümiz almaly bolýarys. Iş eşikleri hem öz hasabymyza" - diýip, Aşgabatly köçe süpüriji anonim gürrüň berdi.

Ýurduň häkimiýetleri itlere we pişiklere rehimsizlik, şeýle hem giňden ýaýran işsizlik we ýerli resmileriň eden-etdiligi ýaly problemalary resmi taýdan ykrar etmeýär we kommentirlemeýär.

Pişikleriň we itleriň yzygiderli ýok edilmeginiň fonunda paýtagtyň ýaşaýjylary syçanlaryň we alakalaryň köpelmeginden ejir çekýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Migrant türkmenler Aşgabadyň özlerini gysyp, 'jenaýata itekleýändigini' aýdýarlar
Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň ýaşaýan ýerini tassyklatmak meselesi agyrlaşdy
Türk wizalary baradaky ýarym resmi neşiriň wideo ýazgysy türkmenleriň arasynda uly tolgunma döretdi
Türkmen raýatlary 10-njy noýabra çenli Türkiýeden çykmaga howlugýarlar
Hileler, hýbatlar, betbagtçylyklar: Russiýanyň harby mobilizasiýasynda merkezi aziýaly migrantlar nyşana alynýar
Türki dilli döwletleriň liderleriniň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda eden çykyşlary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny