AŞGABAT MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNY WE HYTAÝY ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI ÇAGYRDY

AŞGABAT MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNY WE HYTAÝY ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI ÇAGYRDY

Aşgabat Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi çagyrdy. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.

«Biz ulag ulgamynda-da hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys. Munuň üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara gyzyklanmalary esasy şert bolup durýar» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek Ýoluny Dikletmek» baradaky taslamasynyň Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendigine ynanýandygyna we bu taslama Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, häzirki zaman ýörelgelerinde önümçilik we tehnologik ulgamlaryny hem-de sanagat guşaklyklaryny özara baglanyşdyrýandygyna aýtdy.

«Şunuň bilen baglylykda, öz tagallalarymyzy Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hytaýyň giňişliklerinde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde biziň öňümizde açylýan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge gönükdirmek aýratyn möhüm diýip hasap edýäris» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa iş sapary tamamlandy
TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝA HYTAÝ FORMATYNDA KÖPTARAPLY GEŇEŞMELERIŇ USULLARYNY DÖRETMEGI TEKLIP ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaýa bardy
Sian şäherinde Merkezi Aziýa Hytaý sammiti öz işine başlady
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa Hytaý formatynda köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegi teklip etdi