Sian şäherinde Merkezi Aziýa Hytaý sammiti öz işine başlady

Sian şäherinde Merkezi Aziýa  Hytaý sammiti öz işine başlady

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Merkezi Aziýa Hytaý sammiti öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary bardylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, sammitiň öňüsyrasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy geçirildi. Nobatdaky ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdiler.

Forumy geçirmek üçin Sian şäheriniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. HHR-iň bu iri senagat, işewürlik, medeni we bilim merkezi gadymy döwürlerde söwda kerwenleriniň ugraýan başlangyç ýeri bolupdyr. Ondan ugraýan kerwenler Beýik Ýüpek ýoly bilen Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, Hytaýy we sebitiň beýleki döwletlerini baglanyşdyrypdyr. Şunda Sian bilen Mary şäheriniň doganlyk şäherlerdigini bellemek gerek.

Häzirki günde Türkmenistan we Hytaý özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ýokary derejesini gazandylar. Taraplaryň hoşniýetli erki esasynda iki döwletiň we olaryň halklarynyň özara ýakynlaşmagy onýyllyklary nazarlaýan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär.

Sammitiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Raşid Meredow Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary bilen duşuşdy
AŞGABAT MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNY WE HYTAÝY ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI ÇAGYRDY
TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝA HYTAÝ FORMATYNDA KÖPTARAPLY GEŇEŞMELERIŇ USULLARYNY DÖRETMEGI TEKLIP ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaýa bardy