Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sian şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Hytaý bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Aşgabat Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-iň ýurtdaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan gürrüňdeşliginde ugurlaryň giň gerimini, şol sanda söwda-ykdysady, nebitgaz, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan döwletara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigi nygtaldy. Türkmenistanda şu gezekki sapara türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýolundaky möhüm ädim hökmünde garalýandygy bellenildi.

Şeýle-de bu gezekki iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy meýilleşdirilýär. Nobatdaky ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Bu sapar Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa şu ýylyň dowamynda amala aşyrýan ikinji sapary bolup durýar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Raşid Meredow Sinzýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary bilen duşuşdy
AŞGABAT MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNY WE HYTAÝY ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI ÇAGYRDY
TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝA HYTAÝ FORMATYNDA KÖPTARAPLY GEŇEŞMELERIŇ USULLARYNY DÖRETMEGI TEKLIP ETDI